BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Parahat -7 ýaşaýyş toplumy: täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda, Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda binalary we desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan edýär

1-nji LOT — 2 sany 9 gatly, 54 öýli we 4 sany 9 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlary;

2-nji LOT — 2 sany 9 gatly, 54 öýli we 4 sany 9 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlary;

3-nji LOT — 4 sany 9 gatly, 54 öýli we 4 sany 9 gatly 36 öýli ýaşaýyş jaýlary;

4-nji LOT — 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi;

5-nji LOT — seýilgäh.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler