JEMGYÝET

Pakistanyň Prezidenti: «Türkmen Lideri bilen ýürekdeş söhbetdeşlik boldy»

Ozal hem habar berlişi ýaly, geçen hepdäni anna güni Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşligiň çäginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly döwletiň Prezidenti Arif Alwi köpugurly türkmen-pakistan gatnaşyklary TOPH gaz geçirijisi, TOP elektrik taslamasy we beýleki ugurlar boýunça möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Pakistan Lideri özüniň resmi Twitter hasabynda bu söhbetdeşlige ýokary baha berdi — diýip, APP habarlar agentligi ýazýar. Pakistan Lideri hasabynda «Türkmenistanyň Prezidenti bilen söhbetdeş bolmak we Bakuwda geçirilen ýürekdeş gepleşiklerimizi dowam etdirmek diýseň ýakymlydy» diýip, bu söhbetdeşligiň ähmiýetine ýokary baha berdi. Şeýle hem ol söhbetdeşligiň çuňňur many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady.

Pakistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň ýazmagyna görä, iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklardan kanagatlanýarlar. Olar söwda, ykdysady we energiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem diwesifikasiýa ýoly bilen ösüdürmegiň tarapdary.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Ýene-de okaň

Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli baýram namazy 20-nji martda okalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri «CNPC»-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy