- Haçan-da adam bagtly bolanda ol mydama gowudyr, emma hemme gowy adamlar mydama bagtly däl (O.Uaýld).
- Hemişe isleýän zadyňy etmeklik bagtlylyk däldir, emma ýerine ýetirip biläýjek zadyňy etmegi islemeklik bagtdyr. (L.Tolstoý).
- Bagtly durmuş haçan-da göwnüňde rahatlyk bolanda we hiç hili jogapkärçiligiň ýok ýerinde bardyr (Siseron).
- Bagt – bu berk jan saglygyň bolmagy we erbet ýadyň bolmagyndadyr (E.Feýer).
- Bagtsyzlykdan gülkünç bolanyňdan bagtlylykdan gülkünç bolup, şeýle-de oňaýsyz tans etmek agsap ýöremekden gowudyr (F.Nisşe).
- Adam haçan-da kesekiniň bagty üçin ýaşaýarka hakyky durmuşda ýaşaýandyr (I.Gýote).
- Baý bolmaklyk bagtly bolmak däl-de baýlyga mätäç bolmazlyk bagtlylykdyr (Demokrit).
- Bagtly adam öz ömrüniň başy bilen ahyryny baglap bilýän adamdyr (I.Gýote).
- Bir sagat wagtyny bihuda geçirmeklige ýol beren adam entek
ömrüniň gadryna düşünip ýeten däldir (Ç. Darwin).
- Islendik bir günüň siz üçin ahyrky gün bolup biljekdigini unutmaň (Garassi).
- Adam üýtgeşik gurluş ol baýlyk ýitirse gama batyp, ömrüniň bolsa geçip hiç wagt yza dolanmajakdygyna biperwaý garaýar. (Abul Faradj).
- Wagtyňyzy tygşytlaň sebäbi ol siziň ömrüňiz örülen dokumadyr
(S. Riçardson).
- Görmek isleýänler üçin ýeterlik derejede ýagtylyk bardyr, görmek islemeýänler üçin bolsa tümlük ýeterlikdir. (Blez Paskal).
Taýýarlan Ýaňyljan Palýazowa
Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy
Ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň kämil tehnologiýasy