DÜNÝÄ

Özbek Prezidenti ABŞ-nyň wekiliýetini kabul etdi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Goruň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetini kabul etdi.

Duşuşyga Amerikanyň tarapyndan Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landau we beýleki resmi adamlar hem gatnaşdylar.

Geçirilen duşuşykda şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi nukdaýnazaryndan özbek-amerikan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we dürli derejelerde syýasy gepleşikleriň işjeňleşýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Söwda dolanyşygyň möçberi artyp, oktýabr aýynyň başynda ABŞ Söwda edarasynyň missiýasynyň üstünlikli sapary bolup geçdi.

Senagat, maliýe, möhüm minerallar, energetika, sanly ulgam, oba hojalygy we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça «ýol kartasy» esasynda taslamalaryň ilerledilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Taraplar howpsuzlyk, terrorçylyk we ekstremizm bilen göreşmek, şeýle hem bikanun migrasiýa meselelerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Global we sebit derejeli gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Mundan başga-da, geljek hepde Waşington şäherinde geçiriljek “C5+1” formatyndaky sammitiň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreleriň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi