DÜNÝÄ

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Özbegistanda iş saparynda bolup, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen resmi däl ýagdaýda duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyk Daşkent oblastynyň “Amirsoý” şypahana toplumynda geçirildi. Liderler ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bir hatarda sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gyrgyz Lideri ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän dag-lyža toplumynyň döwrebap infrastruktyrasyna hem-de döredilen şertlere ýokary baha berdi.

Söhbetdeşler Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň tebigy köpdürlüligi hem-de ajaýyň tebigat aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, şypahana-dynç alyş merkezlerini döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary ilerletmek boýunça ylalaşdylar.

Related posts

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Ýene bir iri çäre çäklendirildi

«Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi