Türkmenistan döwletimizde bolşy ýaly, duldegşir ýakyn goňşumyz Özbegistan Respublikasynda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtumguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken kararyna laýyklykda, türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň diňe bir türki halklaryň edebiýatynyň hem-de medeniýetiniň taryhynda däl, eýsem tutuş dünýäniň taryhynda möhüm orun eýeleýändigi göz öňünde tutulyp, özbek halkynyň Magtymguly Pyraga we onuň üsti bilen Türkmenistanyň halkyna goýýan sarpasynyň netijesi hökmünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek göz öňünde tutuldy.
Bu kararnama laýyklykda, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň tekliplerini tassyklamak göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek üçin guramaçylyk komitetiniň düzümi tassyklandy.
Guramaçylyk komitetine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek üçin çäreleriň meýilnamasyny 2 hepdäniň dowamynda tassyklamak tabşyryldy.
Çäreleriň meýilnamasyna görä, şu aşakdakylary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar:
- Magtymguly Pyragynyň “Saýlanan eserleri”, şeýle hem onuň durmuşy we döredijilik işi baradaky ylmy makalalaryň ýygyndysynyň neşirini taýýarlamak we çap etmek.
- Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematograflarynyň hyzmatdaşlygynda döwlet sargydy esasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeper filmi döretmek.
- şahyryň durmuşy we döredijiligi barada spektakly sahnalaşdrymak.
- ýaş aýdymçylaryň arasynda “Magtymgulynyň goşgularyndan iň gowy aýdymy ýerine ýetiriji” atly respublikan bäsleşigini geçirmek.
- Çeperçilik akademiýasynyň merkezi sergiler zalynda özbek we türkmen halklarynyň dost-doganlygyna bagyşlanan şekillendiriş sungatynyň sergisini gurnamak.
- Ylymlar akademiýasy, Ýazyjylar birleşigi, Horezm oblastynyň häkimligi, beýleki degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen hyzmatdaşlykda Hiwa şäherinde “Magtymgulynyň döredijiliginiň özbek edebiýatyndaky we sungatyndaky orny” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmek.
- ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, umumybilim berýän mekdeplerde, harby bölümlerde, zähmet edaralarynda we oturymly ýerlerde belli şahyrlaryň, ýazyjylaryň we alymlaryň gatnaşmagynda edebiýat agşamlaryny geçirmek.
- 2024-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistanyň Alişer Nowaýy adyndaky döwlet akademiki uly teatrynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik agşamyny geçirmek.
Ýokarda agzalyp geçilýän çäreleriň ýurduň metbugat serişdelerinde, internet neşirlerinde giňden şöhlelendirmek göz öňünde tutulýar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken kararynyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N. Aripowa tabşyryldy.
