BIZNES

Özbegistandan oba hojalyk tehnikalary we himiýa önümleri satyn alnar

Türkmenistan Özbegistan Respublikasyndan oba hojalyk gurallaryny, traktor tirkeglerini hem-de himiýa önümlerini satyn almagy göz öňünde tutýar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz zbegistan Respublikasyndan oba hojalyk gurallaryny, traktor tirkeglerini hem-de himiýa önümlerini satyn alynmagy babatdaky degişli resminamalara gol çekdi.

Şol resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2022-2023-nji ýyllarda oba hojalyk gurallaryny hem-de traktor tirkeglerini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoatexport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama, 2022-2026-njy ýyllar aralygy aralygynda bugdaýyň haşal otlaryna we kesellerine hem-de gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanýan himiki serişdeleri satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Ifoda agro kimyo himoya” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine 2022-2025-nji ýyllar aralygynda 512 müň tonna fosforit unyny satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Navoi milling” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen şertnama, himiýa önümlerini satyn almak barada  Özbegistan Respublikasynyň “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda resmi saparda bolar

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär