BIZNES

Özbegistanda umumy bahasy 1,1 milliard dollarlyk 3 elektrik stansiýasy gurlar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýýow umumy bahasy 1,1 milliard dollar bolan üç sany uly energiýa taslamasynyň, hususan-da, bir gidroelektrik stansiýasynyň we iki Gün elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berdi. Bu barada Döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Olaryň umumy kuwwaty 1228 megawat bolar. Häzirki wagtda elektrik stansiýalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýän Namangan welaýatynda mundan ozal elektrin önümçiligi üçin 913 megawat kuwwatlylygy bar.

Gün elektrik stansiýalarynyň ikisiniň gurluşygyna daşary ýurt kompaniýalary alyp barar: olaryň biri BAE-den, beýlekisi Germaniýanyň kompaniýasydyr.

Germaniýaly “Hyper Partners GmbH” kompaniýasy 500 megawatt kuwwatly Gün elektrik stansiýasyny gurar. Taslamanyň bahasy 350 million dollar, stansiýanyň ýyllyk kuwwaty 1 milliard 95 million kilowat-sagat.

Şeýle hem  Birleşen Arap Emirliklerinden “Tepelen Group Holding Limited” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ýene bir Gün elektrik stansiýasy gurlar. Şeýle hem onuň bahasy 350 million dollar we kuwwaty 500 megawat bolar.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde Namangan sebitiniň öndürijilik kuwwaty 2141 megawata ýeter. Her ýyl 7,8 milliard kilowat sagat elektrik energiýasy öndüriler. Bu sebitiň 5,5 milliard kilowat sagatlyk elektrik energiýa zerurlygyny doly kanagatlandyrar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi