DÜNÝÄ

Özbegistanda 4 tapgyrda täze howa menzili gurlar

Özbegistanda täze halkara Dаşkent howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi. 1300 gektar meýdanda guruljak taslama 4 tapgyrdan ybarat bolar. Ilkinji tapgyrda bahasy 2,5 milliard dollarlyk howa menzili toplumy we howa meýdany gurular. Taslamanyň hyzmatdaşlary Saud Arabystanyndan, Ýaponiýadan we Günorta Koreýadan bolan kompaniýalar bolar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabarada gatnaşdy..

Habarda bellenilişine görä, soňky 8 ýylda Daşkente uçar bilen barýan ýolagçylaryň sany üç esse artdy we ýylda 9 million adama ýetdi, 2040-njy ýyla çenli bolsa bu san 24 milliondan geçer diýlip çak edilýär.

Häzirki wagtda şäher çäginde ýerleşýän we ýylda 11 million ýolagçyny kabul etmek üçin niýetlenen howa menzilini giňletmek mümkinçiligi ýok. Şonuň üçin 1300 gektar meýdanda ýerleşjek täze halkara howa menzilini Urtaçyrçyk we Kuýiçyrçyk etraplarynyň çäginde gurmak kararyna gelindi.

Taslama döwlet-özara hyzmatdaşlyk (PPP) görnüşinde amala aşyrylar. Hususy hyzmatdaşlar hökmünde Saud Arabystanynyň “Vision Invest” kompaniýasy, Ýaponiýanyň “Sojitz” kompaniýasy (taslama onlarça milliard ýen maýa goýjak), şeýle hem Koreýa Respublikasynyň “Incheon International Airport Corporation” kompaniýasy çykyş eder.

Taslama 4 tapgyrda durmuşa geçiriler. Birinji tapgyrda bahasy 2,5 milliard dollarlyk terminal toplumy we uçuş zolagy meýdany gurular.

Gurluşyk tamamlanandan soň, täze howa menzili ýylda 20 million ýolagça we 129 müň tonna ýük daşamaga, sagatda 30 uçuş we gonuş amala aşyrmaga, bir wagtyň özünde 62 uçary ýerleşdirmäge mümkinçilik berer. “Duty free” zolagy 46 müň inedördül metr meýdany tutar.

Ekologiýa durnuklylygyna aýratyn üns berilýär: täze howa menzili doly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden üpjün ediler we ýurtda 100% “ýaşyl” energiýa bilen işleýän ilkinji howa menzili bolar.

Zamanyň talaplaryna laýyk awianawigasiýa we meteorologik ulgamlaryň ornaşdyrylmagy uçarlaryň islendik howa şertlerinde gonmagyna mümkinçilik berer.

Meýilleşdirilişine görä, bu taslama ýurda 27 milliard dollardan gowrak girdeji getirer, hyzmatlar, senagat we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşine itergi berer, şeýle hem müňlerçe täze iş orunlaryny döreder.

Aýdylyşyna görä, täze howa menzili Singapur, Dubaý we Seul derejesindäki ulag infrastrukturasyna öwrüler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eswatininiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Malaziýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Ugandanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Magtymguly Pyragynyň “Aşyk bolmuşam” goşgular kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Pars şahyry Hafyz Şirazynyň döredijiligine bagyşlanan çäre geçirildi