BIZNES

Özbegistan Türkmenistandan we Azerbaýjandan gämi satyn almak mümkinçiliklerini öwrenýär

Özbegistan Azerbaýjandaky we Türkmenistandaky gämi gurluşyk zawodlaryndan gämileri satyn almak mümkinçiliklerini öwrenýär.

“Report” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu barada ýurduň ulag ministri Ilham Mahkamow “Türkmenistan–Azerbaýjan–Özbegistan” üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde “Özbegistan-24” teleýaýlymyna beren söhbetdeşliginde belläp geçdi.

“Türkmenistanda-da, Azerbaýjanda-da gämi gurluşyk zawody bar. Biz ylalaşdyk: bu zawodlarda gämileri satyn almak meselesini seljereris, serederis. Ähli tehniki meseleler boýunça işlenmeli” diýip, ol aýtdy.

Ministriň bellemegine görä, Özbegistan Hazar deňzinde özüne degişli paromlary dolandyrmaga başlamakçy bolýar. Bu çözgüt daşalmalaryň göwrüminiň ep-esli artmagyna getirer.

Mahkamowyň aýtmagyna görä, Özbegistan, Azerbaýjan we Türkmenistan arasynda üçtaraplaýyn şertnama baglaşyldy. Ol şertnamaulag-logistika hem-de degişli ugurlarda bilelikdäki kompaniýalaryň döredilmegini göz öňünde tutýar.

“Üçtaraplaýyn resminama baglaşyldy, ol bize ulag-logistika we pudaklaýyn kärhanalarda bilelikdäki kompaniýalary döretmek boýunça işe başlamak mümkinçiligini berýär. Şol ýerde ýükleriň arakesmesiz geçmegi, ulag-ekspeditorlyk hyzmatlary we şeýle hem Özbegistandan hem-de Özbegistana ýük daşamak boýunça käbir ýeňillikler dörediler. Şeýle-de Özbegistanyň üsti bilen üstaşyr boýunça ýükleriň ugradylmagy göz öňünde tutulýar” diýip, ol aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, şeýle utgaşykly işler önüm öndürijileriň we ýük iberijileriň ulag çykdajylaryny we logistika ýüküni azaltmaga mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr