DÜNÝÄ

Russiýanyň Prezidenti dört günlük sapar bilen Hytaýa barar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin indiki hepdede dört günlük sapar bilen Hytaýa barar.

Report-yň habar bermegine görä, Russiýanyň Lideriniň meýilnamalary barada WGTRK-niň žurnalisti Pawel Zarubin maglumat berdi.

Bellenmegine görä, Hytaýda iki ýurduň wekiliýetleriniň giň gerimli gepleşikleri meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Putin Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Related posts

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Hindistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Ýoga we adaty lukmançylyk merkezine baryp gördi

Türkmenistan-ÝB: energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk