DÜNÝÄ

Özbegistan prezident saýlawlaryna barýar

Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik waka – Prezident saýlawlary barha golaýlaýar. Şu ýylyň 24-nji oktýabrda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin öňündne ses berişlige badalga berildi.

Respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň agzasy Gulnoza Ismoilowa ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda ýerleşýän ähli saýlaw uçastoklarynda öňündne ses berişlik çäresine badalga berlendigini habar berdi.

Öňündne ses bermek işi 14-nji oktýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Bu ses berişlikden peýdalanjak saýlawçy saýlaw güni ýokdugynyň sebäbini görkezip, saýlaw toparyna ýazmaça ýüz tutmaly bolýar.

Özbegistanda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin iýul aýynyň ahyrynda saýlaw kampaniýasy resmi taýdan başlandy. Ýurtda hereket edýän bäş syýasy partiýanyň hemmesi dalaşgärlerini hasaba aldyrdy. Olaryň arasynda ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem bar.

Dalaşgärleriň saýlaw kampaniýasy 20-nji sentýabrda başlandy. Özbegistanda prezident saýlawlary her bäş ýylda bir gezek geçirilýär.

 

“iPhone 13” telefonlaryň önümçiliginde bökdençlik

Ýene-de okaň

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy

Ilkinji ýokary derejeli “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi