BIZNES

Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bilelikde gidroelektrik stansiýasy gurar

Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystan Kambarata gidroelektrik stansiýasynyp gurluşygy barada şertnama baglaşdy. Bu resminama Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirilen Gyrgyzystanyň halkara energetika maýa goýum forumynyň çäginde gol çekildi.

Forum, Bütindünýä banky toparynyň goldawy bilen Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti tarapyndan gurnaldy. Foruma Özbegistanyň energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow hem gatnaşdy.

Foruma Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Awstriýanyň, Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň we birnäçe halkara maliýe guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda 200-e golaý wekiliýet gatnaşdy.

Ylalaşyga laýyklykda taraplar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen bir hatarda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we Kambarata gidroelektrik stansiýasy taslamasynda suw we energiýa çeşmelerini ulanmak üçin özara kabul ederlikli mehanizmleri döretmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler