DÜNÝÄ

Özbegistan bilen Ýewropa Bileleşigi giňeldilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekişdi

24-nji oktýabrda Brýussel şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koştanyň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň gatnaşmagynda Özbegistan Respublikasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda giňeldilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.

Bu resminama häzirki wagtda 1996-njy ýyldaky Hyzmatdaşlyk we gatnaşyk hakynda Ylalaşyga esaslanýan özbek-ýewropa hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny täzelär we ep-esli giňelder. Täze Ylalaşygyň taslamasy boýunça gepleşikler 2019-njy ýylyň fewral aýynda başlanyp, 2022-nji ýylyň iýul aýynda tamamlandy.

Resminama 9 bölümden, 356 maddadan we 14 goşundydan ybarat. Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli diýen ýaly ugurlaryny öz içine alýar we syýasy dialogy pugtalandyrmak hem-de özara bähbitli ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin ähli zatlary öz içine alýan hukuk binýadyny döredýär, söwda we maýa goýumlara, durnukly ösüşe, ylym we bilime, innowasiýalara we ýokary tehnologiýalara, daşky gurşawa we howanyň üýtgemegine aýratyn üns berýär.

Ylalaşyga gol çekmek Özbegistanyň ÝB bilen gatnaşyklarynda täze bir tapgyryň başlangyjyny alamatlandyrýar we köpugurly hyzmatdaşlygyny ýokary derejä çykarýar.

Bu saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Ýewropanyň öňdebayrjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we bu duşuşygyň netijeleri boýunça 10 milliard dollarlyk taslamalary durmuşa geçirmek babatda ylalaşyldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy