DÜNÝÄ

Özbegistan ABŞ raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raýatlary üçin Özbegistan Respublikasyna 30 güne çenli möhlet bilen wizasyz giriş düzgüni girizilýär.

Bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 3-nji noýabryndaky UP-203 belgili Permany bilen göz öňünde tutuldy. Onuň maksady özbek-amerikan gatnaşyklaryny has-da berkitmek we söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmekdir.

Täze düzgün iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga hem-de işewür, ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen möhüm ädim bolar.

Wizasyz tertip amerikan raýatlaryna Özbegistan boýunça has erkin syýahat etmäge, onuň baý taryhy mirasyny, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam eder.

Wiza düzgüniniň ýönekeýleşdirilmegi ABŞ-dan gelýän syýahatçylaryň akymynyň artmagyna, işewür gatnaşyklaryň pugtalanmagyna we Özbegistanyň halkara derejede açyk hem-de myhmansöýer ýurt hökmünde oňyn abraýynyň öňe gitmegine goşant goşar diýlip garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri