SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Oýnawaç saýlananda ene-ata nämä üns bermeli?

Bilşimiz ýaly, çaganyň islegi ýa-da ene-atanyň çagalary kanagatlandyrmak maksady bilen söýlüp alynýan zatlaryň biri hem oýnawaçlardyr.  Emma her bir oýnawaç oýnamaly diýip kabul edip bolmaz.

Çaga oýnawaç satyn alnanda, 3 ýaşyna çenli oglan-gyz çaga diýip aýratynlandyrmak nädogrudyr.Oýnawaç saýlanylanda çaganyň ýaş aýratynlygyna, ösüşine görä, ünsüni çekip biljek, pikirleniş ukybyny artdyrmaga ýardam etjek oýnawaçlara üns bermeli.  Ilkinji alynýan oýnawaçlar duýga, fiziki ösüşe täsir edýän, wagtyň geçmegi bilen çaganyň içki duýgusyna öz täsirini ýetirýän oýnawaçlar bolmalydyr.

Oýnawaçlaryň saglyk taýdan peýdasyna hem üns berilmeli. Olaryň degişli barlaglardan geçip, tassyklanan bolmagyny bilmeli.

Oýnawaçlary almagyň hem belli bir aralygy bolmaly , ýygy-ýygydan oýnawaçlary alyp bermek ýa-da başaran işi üçin oýnawaç alyp berip öwretmek çagalara erbet täsir edýär. Çagalaryň oýnawaç bilen kanagatlanmagy olaryň özüni görkezip bilmezligine , belli bir problemalaryň döremegine sebäp bolup biler.

Çaganyň duýgy organlary güýçlüdir. Olar dünýäni duýujylygy bilen öwrenýär. Oýnawaçlary ulanmagy arkaly duýgy-düşünjesini görkezip bilmegini içki duýgusyny  oýnawaçlary ulanyp oýnaýan oýunlaryn üstünden görüp bilersiňiz.  Eger çaga özüni oýunlaryň üsti bilen görkezip bilse, çaganyň kämilleşmeginde oýnawajyň täsirliligidir.

 

8-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar