“Öýde ýeke özi” we “Öýde ýeke özi 2: Nýu-Ýorkda azaşan” filmlerinde baş gahrymanyň ejesi Keýt Makkalisteriň keşbi bilen giň tomaşaçylar köpçüligine tanyş bolan kanada-amerikan aktrisasy Ketrin O’Hara aradan çykdy. Aktrisa 30-njy ýanwarda, uzak wagtlyk dowam eden keselden soň, 71 ýaşynda dünýäsini täzeledi.
Habar berlişine görä, Ketrin O’Hara Los-Anjelesdäki öz öýünde aradan çykdy.
Ketrin O’Hara 1954-nji ýylyň 4-nji martynda Torontoda dünýä indi. Ol telewideniýedäki karýerasyna 1970-nji ýyllaryň ahyrynda başlap, ekranda ilkinji gezek 1979-njy ýylda çykyş etdi. Bu döwürde aktrisa multiplikasion taslamalary seslendirmekde hem işledi.
Doly göwrümli kinodaky ilkinji keşbi 1980-nji ýylda boldy. O’Hara “Öýde ýeke özi” maşgala komediýasy ekranlara çykandan soň uly meşhurlyk gazandy. Aktrisanyň döreden bu keşbi onuň karýerasyndaky iň tanalýan rollarynyň birine öwrüldi.
Mundan başga-da, Ketrin O’Hara “Işden soň”, “Bitljus”, “Şou ýeňijileri” ýaly filmlerde, şeýle hem “Şitts Krik”, “Bizden biri” we “Kinostudiýa” ýaly seriallarda surata düşdi.
Kino we telewideniýe pudagynda zähmet çeken ýyllarynyň dowamynda aktrisa birnäçe abraýly baýraklara, şol sanda iki sany “Emmi”, “Altyn globus” we beýleki birnäçe baýraklara mynasyp boldy.
