BILIM

Owgan demirýol işgärleri Türkmenistanda hünär kämilligini artdyrar

Owganystanyň demirýol müdirliginiň 14 işgärinden ybarat wekiliýeti hünär kämilligini artdyrmak we bu ugurda tejribe almak üçin şenbe güni Türkmenabat şäherine geldi.

Owgan demirýolçylary üç aýlyk hünär kämilleşdiriş okuw kurslaryny geçerler. Okuwyň dowamynda işleýän türkmen hünärmenleri öz iş ýerlerinde we önümçilik meýdançalarynda myhmanlary demirýol gatnawlarynyň, infrastruktura desgalarynyň we işgärleriň dolandyrylyşyny gurnamak, dürli tehniki amallary geçirmek we ş.m. bilen tanyşdyrarlar.

Okuwlar Owganystanyň demir ýol pudagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we sebitleýin we halkara ulag taslamalaryna goşulyşmagyna ýardam bermek maksady bilen iki tarapyň ylalaşygy boýunça gurnaldy.

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri