Berkarar döwlemiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi has baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda bezeg bagçylygynda ulanylýan ösümlikleriň sany barha artýar. Ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň kämil tehnologiýasyny işläp düzmegiň gelejegi uludyr.
Ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň häzirkizaman tehnologiýasy hökmünde gidrogel maddasyny almak maksadalaýykdyr. Gidrogel sözi “gidro”-suw we “gel”-şepbeşik diýen sözlerden gelip çykýar. Gidrogel – çyglylygy toplaýan we ony uzak wagt saklaýan maddadyr. Şol sebäpli hem gidrogel suw ätiýäçlygy bolup hyzmat edýär. Ol ösümlikler üçin sowadyjy hasaplanylýar we toprak bilen garylanda ösümlik kökleri ýeňil dem alýar. Gidrogel edil polimer düwmeleri görnüşinde bolup, suwa batyrylanda çişýär we göwher daşlary ýaly owadan bolýar. Gidrogeliň suwlanmagy üçin ýagyş suwy we säher bilen düşýän çyg ýeterlikdir.
Gidrogelde oturdylan ösümlikler hemişe suw bilen gerekli mukdarda üpjün bolýar. Ýöne olary wagtal-wagtak suwlap durmaly. Şeýle hem gidrogel özünde ösümlik üçin ähli gerekli mineral maddalary, duzlary saklaýar.
Gidrogeli açyk meýdanda, ýyladyşhanalarda, otag şertlerinde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmekde peýdalanmak amatly. Gidrogele otag gülleri oturdylanda, olary bir aýa çenli az suwarmaly, sebäbi 1 gram gidrogel 300 ml suwy saklaýar. Topraga garylanda ol 5 ýyla çenli ýokumlylygyny ýitirmeýär.Gidrogel sowuga we gyzgynlyga çydamlydyr. Onuň dürli reňklerdäki görnüşleri bar.
Gidrogelde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek boýunça goýlan tejribeler gidrogel toprak bilen garylanda uzak wagtlap çyglylygy saklaýandygy we suw, dökünler tygşytlanýandygy anyklanyldy. Ýagny suwaryş ýygylygy 50% çenli peseldi.
Gidrogelde otag güllerini oturtmak üçin şu aşakdaky işleri berjaý etmeli:
- Otag güllerini ýetişdirmek üçin gerekli serişdeler satylýan nokatlardan gidrogelleri alyp, ilki ony gapda suwa çişirmeli (gidrogeliň her bir dürli reňki üçin aýratyn gap alsaňyz amatly bolar); onuň üçin üstüne ýeterlik derejede suw guýmaly (gabyň daşynda görkezilen mukdary boýunça). Suwy çenden aşa köp guýmaly däl. 8-12 sagat geçenden soň gidrogel düwmejikleri ulanmaga taýýar;
- Çişen gidrogeli waza ýerleşdirmeli we üstüne ösümligi oturtmaly. Eger-de gül öň toprakda ösdürilen bolsa, onda ösümligiň köklerini toprakdan gowy arassalamaly;
- Ösümlik oturdylandan soň ýene-de az mukdarda suw guýmaly. Ýöne gaby suwdan doldurmaly däl we gidrogel düwmeleriniň arasyndan howa geçer ýaly bolmaly. Eger-de howa bolmasa ösümlik guraýar.
Hiç haçan gury gidrogele ösümligi oturtmaly däl. Sebäbi, suw guýlanda gidrogel çişýär we ösümligiň köklerini gysýar, oňa zyýan ýetirýär.Wagtyň geçmegi bilen gidrogel düwmejikleri kiçelýär we öňki ýagdaýyna gelýär, (7-10 günden soň) soňra oňa bir stakan suw guýmaly we gidrogel düwmeleri özüne suwy siňdirip, ýene-de öňki ýagdaýa gelýär. Artyp galan gidrogeli agzy gowy ýapylan gapda, garaňky ýerde saklamaly. Zerur wagtynda ýene-de ulanyp bolýar.Umuman, gidrogelde ösümlikleri ýetişdirmek az suwy, wagty we döküni talap edýär we ekologiki taýdan arassa bolýar.
Nasiba Maşaripowa,
Ogultäç Gurbanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary
Durdyýew Azat,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby