BIZNES

OPEK guramasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) ministrleriniň adatdan daşary duşuşygynda gurama täze ýolbaşçy saýlandy. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan OPEK guramasyna 3 ýyllyk baş sekretar hökmünde kuweýtli Gaýtam Al-Gaýs saýlandy.

Al-Gaýs OPEK guramasynda 2017-2021-nji ýyllarda Kuweýtiň wekili boldy. Ol şol bir wagtda Kuweýtiň döwlet kompaniýasy bolan “Kuwait Petroleum Corporation (KPC)” şereketiniň marketing boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary wezipesini alyp barýar.

OPEK guramasynyň täze baş sekretary Mohammed Barkindonyň wezipe möhleti 2022-nji ýylyň awgustynda tamamlanýar.

OPEK Konferensiýasy guramasynyň baş sekretaryny 3 ýyl möhlete saýlaýar we onuň wezipe möhletini şol möhlet bilen ýene-de bir gezek uzaltmak ygtyýarlygyna eýedir. Barkindo 2016-njy ýylyň tomsunda baş sekretar wezipesine saýlandy we bu wezipede 2 möhletini doldurdy.

Barkindonyň ençeme gyzyklanýan taraplar bilen gepleşikler we hyzmatdaşlyk arkaly nebit bazarynyň durnuklylygyny saklamak üçin OPEK-iň taryhy tagallalaryny giňeltmekde möhüm rol oýnandygy bellenildi.

 

Fransiýada koronawirusyň täze görnüşi ýüze çykdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar