BIZNES

OPEK gaznasy Türkmenistan $45 mln bölüp berer

OPEK halkara ösüş gaznasy tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi göz öňünde tutýar. Bu barada gaznanyň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu barada degişli çözgüt gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň 178-nji mejlisinde kabul edildi.

OPEK gaznasynyň täze maliýeleşdirmek başlangyjy 10 döwletde, şol sanda Türkmenistanda hem döwlet pudaklaryndaky taslamalary goldamakdan ybaratdyr. Gazna Türkmenistanyň “Söwda deňiz floty” taslamasy üçin 45 million dollar möçberinde karz maliýe serişdelerini bölüp berer.

Türkmenistan üçin göz öňünde tutulan taslamanyň çäklerinde demirýol, ýolagçy we gury ýükleri daşamak üçin 3 sany täze gämileri gurmak meýilleşdirilýär. Täze gämileriň ulanmaga taýýar edilmegi bilen Hazar deňzindäki Türkmenbaşy halkara deňiz portundan peýdalanmagyň mümkinçiligi has-da artar. Türkmenbaşy halkara deňiz porty Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup, ýurduň iň uly portudyr.

Taslama şol bir wagtda gämigurluşyk we abatlamak boýunça işgärleriň okadylmagy arkaly tehnologiýanyň hem berilmegi hem göz öňünde tutulýar. Bu taslama söwda-ykdysady işjeňligi artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem täze uçurymlar üçin iş orunlarynyň döremegine kömek eder.

OPEG guramasyna agza döwletler tarapyndan 1976-njy ýylda döredilen OPEK gaznasy 125 ýurtda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin 22 milliard dollar maliýe serişdelerini bölüp berdi.

 

Ýewropanyň we Günorta Amerikanyň çempionlary duşuşar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň harytlary: Stambulyň sergi sahnasynda

Mary etrabynda ammiak we ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurlar

«Uzynada» nebitgaz ýatagy elektrik energiýasy bilen üpjün ediler

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda 1060 şertnama baglaşyldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Pakistanyň portlarynyň hünärmenleri hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “BB- durnukly” reýting derejesi berildi