SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Omikron” konawirus ýokanjy üçin sanjym

Mälim bolşy ýaly, tutuş dünýäde 2 ýyldan bäri uly kynçylyklara sebäp bolýan koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleri çykmagy dowam edýär. Birnäçe gün ozal, Afrika yklymynda ýüze çykan we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan “Omikron” diýlip atlandyrylan wirusyň täze görnüşi üçin sanjym taýýarlamak işine hem badalga berildi.

ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasy 2022-nji ýylyň başyna çenli koronawirusyň uly howp döredýän bu görnüşine garşy sanjymyny işläp düzüp, bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň koronawirusa garşy sanjymy bar. Şol sanjymyň düzümi täzelenip, wirusyň täze görnüşine garşy göreşijilik ukybyny döretmek göz öňünde tutulýar.

“Moderna”-nyň baş saglyk hünärmeni Pol Burton “BBC” teleýaýlymyna beren beýanatynda “Omikron” görnüşi barada çykyş etdi.

Burton: “Häzirki sanjymyň täze wariantdan goranmak ukybyny ýakyn birnäçe hepdäniň dowamynda öwreneris. Täze sanjym etmeli bolsak, 2022-nji ýylyň başynda giňden ulanylmaga taýýar ederis” diýip belledi.

Şeýle-de, alymlar we syýasatçylar ilkinji gezek Günorta Afrikada ýüze çykarylan “Omikron” görnüşiniň bütin dünýäde aňsatlyk bilen ýaýramagynyň mümkindigini bellediler.

 

29-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar