SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Omikron” howa gatnawlaryna hem täsir edýär

Koronawirus ýokanjynyň täze “omikron” görnüşi howa gatnawlaryna hem özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär. ABŞ-nyň “FlightAware” uçar gatnawlarynyň maglumat merkeziniň habayrna görä, soňky birnäçe günde dünýäde jemi 6 müňden gowrak uçar gatnawlary ýatyryldy.

Maglumata görä, gatnawlaryň ýatyrylmagynyň esasy sebäbi “omikron” görnüşiniň halkara howa gatnawlarynyň işgärlerine täsir etmeginiň öňüni almak maksady bilen geçirilýär.

ABŞ-da soňky 2 günüň dowamynda ortaça koronawirus wakalarynyň sany 200 müňe golaýlady. Angliýada bolsa 119 müňden gowrak koronawirus wakalary hasbaa alyndy. Ýewropa ýurtlarynyň ýene-de köp sanlysynda wakalar yzygiderli artýar.

Germaniýada hem koronawirusyň täze “omikron” görnüşi bilen aradan çykan ilkinji waka hasaba alyndy. Aradan çykan hassanyň 60-79 ýaş aralygyndaky raýat bolandygy we ýurtda 3 müňden gowrak “omikron” bilen kesellän hassalaryň hasaba alnandygy bellenildi.

 

Pandemiýa döwründe iň köp girdeji gazanan film

Related posts

Düwürtik näme sebäpden çykýar

BAE we Müsür 35 milliard dollarlyk syýahatçylyk zolagy gurar

Hytaýda 3 ýaşly çagalara sanjym ediler