SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropa Saglyk Bileleşigi başlangyjy

Ýewropa Bileleşigi 2021-nji ýylda saglygy goraýyş boýunça bütindünýä sammitini Italiýada geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýen habar berdi. Ol bu barada Ýewropa parlamentinde Ýewropa Bileleşiginiň ýagdaýy barada beren synynda belläp geçdi.

– Geljek ýyl Italiýada Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň baştutanlyk etmeginde saglygy goraýyş boýunça Bütindünýä sammitini geçirmek isleýäris. Bu ýewropalylara ÝB-niň olary goraýandygyny görkezer – diýip belledi.

Ýewropa parlamentinde nobatdaky mejlisiniň birinji bölegi koronawirus pandemiýasyna degişli boldy. Şol mejlisde bu başlangyç öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda ÝB-niň Baştutany ÝB ýurtlary üçin umumy lukmançylyk ulgamyny emele getirjek we dermanlary döretmek hem-de ýaýratmak bilen baglanyşykly Ýewropa Saglyk Bileleşigini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Related posts

Çaganyň ösüşinde bäbeklik döwrüne häsiýetnama

Pandalar Katara göçerler

Ata Watan Eserleri

Hytaý “Pfizer” koronawirus dermanyny satyn almaga rugsat berdi

Ata Watan Eserleri