JEMGYÝET

Oman Soltanlygy Türkmenistana täze ilçi belledi

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Saif Bin Raşid Bin Saif Al Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklary ilerletmekde döwletara we hökümetara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýeti bellenildi. Şunda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň uly mümkinçilikleri barada beýan edildi.

Şeýle ýokary derejeli gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň, halkara we sebitleýin parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary barada pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar