Kiçijek gyz menden:
“Ölýänçäm kakam bolup bilersiňmi?” — diýip sorady.
Men bolsa näme üçindir şol pursatda, bilmedik bir gaçamaklyk bilen “ýok” diýip jogap berdim.
“Ölýänçäm kakam bolup bilersiňmi?” — diýip sorady.
Men bolsa näme üçindir şol pursatda, bilmedik bir gaçamaklyk bilen “ýok” diýip jogap berdim.
Bu onuň hut öz sözleridi. Ýedi ýaşyndady… Burunlaryna geçirilen derman turbalary bilen hassahana düşeginde ýatyrdy.
Meniň ýüzüme seretdi — maňa, daş görnüşi bilen döw ýaly görünýän, örän iri göwreli, elleri suratly motosikletçä — we sorady:
Meniň ýüzüme seretdi — maňa, daş görnüşi bilen döw ýaly görünýän, örän iri göwreli, elleri suratly motosikletçä — we sorady:
Bu dünýä bilen hoşlaşmazdan ozal, onuň kakasy ýaly bolup bilip-bilmejegimi. Göýä hossarsyz ölmek islemeýän ýaly…
Meniň adym Maýk. 58 ýaşymda . Iki goly doly suratly, uzyn sakgally, “Defenders” motosiklet klubynyň agzasy bir adam.
Her penşenbe men çagalar hassahanasynda agyr syrkaw çagalara hekaýa okamak üçin meýletin gidýärin.
Bu endik klubymyzda on bäş ýyl mundan ozal başlandy — biziň toparymyzda bir agamyzyň agtygy birnäçe aýlap onkologiýa bölüminde ýatanda.
Bu endik klubymyzda on bäş ýyl mundan ozal başlandy — biziň toparymyzda bir agamyzyň agtygy birnäçe aýlap onkologiýa bölüminde ýatanda.
Çagalaryň köpüsi menden ilki başda gorkar — muny men ýylda ýüzlerçe gezek gördim. Uzyn boýly, gaty sesli, edil filmlerindäki motosikletçileri ýada salýan görnüşim bar.
Ýöne men okap başlanymdan soň olar meniň nähili görünýändigimi unudýarlar, diňe hekaýa gulak asýarlar.
Ýöne men okap başlanymdan soň olar meniň nähili görünýändigimi unudýarlar, diňe hekaýa gulak asýarlar.
Men Amara hem şeýle bolar öýdüpdim.
Mart aýynyň bir penşenbe güni, 432-nji palatanyň öňünde bir minut sägindim.
Şepagat uýasy meni öňünden duýdurypdy: täze näsag. Ýedi ýaşynda. Dördünji derejeli neýroblastoma. Üç hepde mundan ozal getirilen, şol günden bäri onuň ýanyna gelýän hiç kim bolmandyr.
Şepagat uýasy meni öňünden duýdurypdy: täze näsag. Ýedi ýaşynda. Dördünji derejeli neýroblastoma. Üç hepde mundan ozal getirilen, şol günden bäri onuň ýanyna gelýän hiç kim bolmandyr.
“Onuň maşgalasy barmy?” diýip soradym.
Şepagat uýasynyň ýüzi gamgyn görnüşe öwrüldi.
“Ejesi ony bejergi üçin getiripdir-de, birinji günden soň hiç gelmändir. Hepdeläp jaň edýäris, gözleýäris, ýöne ses-üýn ýok. Sosial hyzmatlar işe goşuldy, ýöne Amara-da başga maşgala ýok. Sagalsa — hossarlyga berler.”
“Ýa sagalmadyk bolsa?”
Şepagat uýasy gözlerini başga ýere öwürdi.
“Onsoň… ol bu ýerde ýalňyz öler.”
Gapynyň daşynda demimi dürsedim.
Men öňem ölüm düşeginde bolan çagalaryň ýanynda oturypdym — bu asla ýeňil däl, hiç wagt hem bolmaz.
Ýöne bir çagaň ýalňyz ölmegi… bu başga bir azapdy.
Ýöne bir çagaň ýalňyz ölmegi… bu başga bir azapdy.
Ahyram gapyny kakdym.
“Salam,” diýdim. “Men Maýk. Isleseň, saňa bir hekaýa okaýyn.”
Düşekde ýatan kiçijik gyz ýüzüni maňa öwürdi.
Gören iň uly, iň çuň goňur gözler… Saçlary himioterapiýadan dökülipdir. Derisi keselçiligiň goýýan çal reňki bilen örtülipdir.
Emma şonda-da ýylgyrdy.
Gören iň uly, iň çuň goňur gözler… Saçlary himioterapiýadan dökülipdir. Derisi keselçiligiň goýýan çal reňki bilen örtülipdir.
Emma şonda-da ýylgyrdy.
“Gaty ullakan ekeniň,” diýip inçe sandyrak ses bilen aýtdy.
“Dogry aýdýarsyň, muny kän eşidýärin,” diýip ýylgyrdym. “Bu gün saňa “tans etmegi öwrenen bir aýy “ hakda hekaýa getirdim. Diňlemek isleýärsiňmi?”
Ol baş atdy. Men oturyp okap başladym.
Kitabyň ýarysyna baranymda ol meni saklady:
“Maýk aga?”
“Diňleýän, kiçijik dostum.”
“Perzentleriň barmy?”
Bu sorag ýüregimi biçak ýaly kesip geçdi.
“Bir gyzym bardy,” diýdim. “16 ýaşyndady. Awtoulag heläkçiliginde ýogaldy. 20 ýyl mundan ozal…”
Amara sesini çykarman birsalym oturdy. Soň:
“Kaka bolmagy küýseýärsiňmi?”
Bogurdagym düwünlendi. Aglaman zor saklandym.
“Her gün, melejigim.”
“Meniň kakam bolsa, men dogmazdan öň öýi taşlap gidipdir,” diýdi.
“Ejem hem meni şu ýere getirdi-de, soň hiç gelmedi. Şepagat uýalary onuň gaýdyp gelmejegini aýdýarlar.”
“Ejem hem meni şu ýere getirdi-de, soň hiç gelmedi. Şepagat uýalary onuň gaýdyp gelmejegini aýdýarlar.”
Näme diýjegimi bilemokdym.
Terk edilen, agyr kesel bilen göreşýän bir çaga… beýle pursatda näme aýdylýar?
Terk edilen, agyr kesel bilen göreşýän bir çaga… beýle pursatda näme aýdylýar?
Amara dowam etdi:
“Sosial hyzmatdan gelen zenan sagalasam hossarlyga berjeklerini aýtdy. Ýöne lukmanlaryň gürrüňlerini eşitdim. Meniň sagaljagymy pikir etmeýärler.”
“Melejigim…” damagym dolup, söz tapmak kyn boldy.
“Bu mesele däl,” diýdi. “Men ölýändigimi bilýän. Hemmeler men düşünmeýär öýdýär, ýöne men düşünýärin. Keselim örän agyr. Lukmanlar belki alty aý… belki has az diýip pikir edýärler.”
Kitaby dyzymyň üstüne goýdum.
“Amara… gaty gynandym.”
Ol naýynjar emma 7 ýaşyna garamazdan durmuşyň köp jepasyny çeken, dogumly gözlerini göni maňa dikdi.
“Maýk aga… size bir zat sorasam bolarmy?”
“Elbetde.”
Men ölýärin emma “Ölýänçäm… meniň kakam bolup bilersiňmi?”
Şol pursat otag doly dymyşlyga öwrüldi.
Hatda monitorlaryň sesi hem peseldi.
Men içimden aglaýardym — dünýä aglaýardy — emma ses çykmaýardy.
Hatda monitorlaryň sesi hem peseldi.
Men içimden aglaýardym — dünýä aglaýardy — emma ses çykmaýardy.
58 ýyllyk ömriň agyrlygy egnime gurşun ýaly çökgün boldy.
“Hawa” diýip aýdasym geldi. Rebbim bilýär, näçe isländigimi.
Ýöne men diňe hekaýa okamaga hepdede bir gezek gelýän garry motosikletçidi.
Öz gyzymyň ýitgisini ýüreginde göterip, gijeler boş öýde onuň adyny ýatlap aglaýan kişi…
Öz gyzymyň ýitgisini ýüreginde göterip, gijeler boş öýde onuň adyny ýatlap aglaýan kişi…
Gysga pursat hem bolsa bir çaga kakasy bolmaga haklymydym?
“Melejigim… seni gaty sylaýan,” diýdim.
“Emma dogrusyny aýtsam: men kämil bir kaka bolup bilmerin. Käbir zatlary kem goýberip bilerin.”
Emma onuň ýüzi aý ýaly ýagtyldy.
“Bu möhüm däl,” diýdi. “Biz bile öwreneris.”
Şeýdip, meniň ýene bir gyzym boldy.
Şepagat uýalaryna aýdanymda olaryň gözleri ýaşdan doldy.
Wagtlaýyn hossarlyk üçin ýüz tutanymda sosial hyzmat işgäri has-da kän aglady.
Klub ýygnandy; hassahananyň awtoparkynda 95 Harley motosiklet geldi.
Howpsuzlyk işgärleri her motosikletiň oýnawaçlar bilen doldurylandygyny görüp, gorkusy gülküli şatlyga öwrüldi.

Biz 432-nji otagy bir hassahana otagyndan hasda bir çaganyň öýüne öwürdik.
Bir dostumyz gülgüli düşekçä getirdi.
Başga biri onuň egnine “Kakasynyň gyzy” diýen ýazgyly kiçijik deri gursakça getirdi.
Ýumşak ýagtylyk goýduk.
Kimdir biri gizlinlikde kiçijik itjagaz hem getirdi — Amara şonça güldi welin, kislorod maskasyny ýene dakynmaly boldular.

Penşenbeler her güne öwrüldi.
Men oňa zyrafanyň tans etmegi öwrenen kitabyny ýatdan bilýänçä okadym.
Soň “Çarlottyň söýgi agajy”.
Soň “Garri Potter”.
Men oňa zyrafanyň tans etmegi öwrenen kitabyny ýatdan bilýänçä okadym.
Soň “Çarlottyň söýgi agajy”.
Soň “Garri Potter”.
Tapdan düşen günlerinde kitap saklap bilmeýän wagty sahypalary men tutup berdim.
Doktorlar haýran galýardy.
Rentgenler öňküsi ýaly — has gowy däl, ýöne has erbedem däl.
Alty aý — dokuz aý boldy.
Dokuz — on iki aý boldy.
Rentgenler öňküsi ýaly — has gowy däl, ýöne has erbedem däl.
Alty aý — dokuz aý boldy.
Dokuz — on iki aý boldy.
Sekiz ýaşyna ýetip baranda bir irden Amara:
“Kaka, bilýäňmi, düýşümde ylgaýardym. Aýagym işläp başlapdyr,” diýdi.
Men onuň saçyny sypadym:
“Onda muny hakykata öwüreli, melejigim.”
Iki hepde soň onkolog maňa jaň etdi, sesi titräp:
“Onuň oňurgasyndaky tümörler… kiçelýär. Muny düşündirip bilemok. Örän uly pese düşüş bar.”
Men bolsa bilýärdim.
Bu — söýgi.
Ýönekeý, arassa, mähirli söýgi.
Ýönekeý, arassa, mähirli söýgi.
“Ölýänçäm kakam bolarsyňmy?” diýip soran gününden takmynan 18 aý soň Amara meniň elimden tutup, egninde kiçijik deri gursakçasy, ýüzünde asmandan-da uly ýylgyryşy bilen hassahanadan çykdy.
Klub oňa garşylama dabarasyny gurady:
Şarlar, oýunjaklar, Harley tekeriniň ululygynda tort…
Şarlar, oýunjaklar, Harley tekeriniň ululygynda tort…
Öýe gelenimizde, ol ýyldyzlara seredip, ýuwaşlyk bilen pyşyrdady:
“Kaka?”
“Hawa, melejigim?”
“Men… indi çagakam ölmejege meňzeýärin. Gowulaşýan ýaly.”
Men ony gujagyma gaty gysdym.
Kalbymyz biri-birine urýardy.
Kalbymyz biri-birine urýardy.
“Gowy,” diýdim çatlanan ses bilen.
“Çünki men indi-indi hakyky kaka bolmaga başlapdym.”
“Çünki men indi-indi hakyky kaka bolmaga başlapdym.”
Häzir ol 15 ýaşynda, we entek bejerilýär.
Ölmez-öçmez söýgi we mähir — iň güýçli derman ekeni.