SPORT

Olimpiýa oýunlarynda 500 görnüş tagam hödürlener

2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirijek tomusky Olimpiýa oýunlarynda türgenlere 500 görnüş tagam hödürlener.  Inside the Games” neşiriniň habaryna görä, Olimpiýa oýunlarynyň türgenler şäherçesindäki naharhanada 500 görnüş tagam bolar.

Bellenilip geçilişi ýaly, tagamlar ýörite berhiz, iýmit endikleri hem-de dini däp-dessurlar göz öňünde tutulyp taýýarlanar. Her gün 40 müň tagam taýýarlanar we naharhana birbada 3500 adam naharlanyp biler.

Şeýle hem türgenler şäherçesinde konditer önümleriniň bölümçesi hereket edip, onda fransuzlaryň meşhur baget çöregi, kruassan süýji nany we beýleki konditer önümleri göz öňünde tutular. Türgenlere alkogolly içgiler hödürlemek göz öňünde tutulmaýar.

Mälim bolşy ýaly, Pariždäki Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly-11-nji awgusty aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary