SIZDEN GELENLER

Olimpiýa oýunlary hakynda täsirli faktlar

  • Olimpiýa oýunlarynyň taryhy 2800 ýyl töweregi bolup, Gadymy Gresiýada oňa gatnaşmak örän abraýly hasaplanylypdyr.
  • Miladydan öňki 776-njy ýyldan başlap b.e.öň 393-nji ýyla çenli 292 gezek olimpiýa oýunlary geçirilipdir. Şondan soňra 293-nji olimpiýa oýunlaryny geçirmeklik rim imperatory tarapyndan ýatyrylypdyr.
  • Gadymy grek akyldarlarynyň köpüsi Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdyr. Mysal üçin, grek filosofy Pifagor oňa ençeme gezek söweş sungaty boýunça gatnaşypdyr.
  • Häzirki zaman Olimpiýa oýunlary XIX asyrda täzeden janlanýar we 1896-njy ýyldan bäri her 4 ýylda bir egzek geçirilýär.
  • XX asyrda bolsa gyşky olimpiýa oýunlary geçirilip başlanýar. 1960-njy ýylda Paralimpiýa oýunlary döreýär.
  • XIX asyryň ahurlarynda olimpiýa oýunlarynda bary-ýogy iki sany esasy baýrak bardy we altyn medal düýbünden ýokdy. Ýeňijilerden birinji ýere diňe kümüş medal hem-de däp boýunça zeýtun şahajygy, ikinji ýere bürünç medal berilýärdi. 1912-nji ýyldan başlap bolsa biriniji ýeri eýelänlere altyn medal berlip başlandy.
  • Olimpiýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan bäş sany reňkli halkalar ýer ýüzünde ýaşaýyş bolan bäş sany yklymyny (Antarktidany hasaba almazdan) aňladýar.
  • Häzirki wagtda olimpiýa oýunlarynyň wagty berk düzgünleşdirilendir. Geçmişde bolsa oýnuň wagty belli sebäplere görä üýtgäp durupdyr. 1900-njy ýylda geçen olimpiýa oýunlary alty aýa golaý wagtlap dowam edip rekord goýupdyr.
  • Dürli ýyllarda olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň iň ýaş we iň garry gatnaşyjylarynyň arasyndaky ýaş aratapawudy 62-ä deň. 1900-nji ýylda geçirilen oýunlara gatnaşyjy iň ýaş türgen bary-ýogy 10 ýaşyndaky grek gimnastikaçysy bolup, iň uly ýaşlysy 1920-nji ýylda gatnaşan şwesiýaly türgen hasaplanylýar.
  • Olimpiýa oýunlarynyň resmi baýdagy 1913-nji ýylda Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan döredildi.
  • Olimpiýa oýunlarynyň şygary Citius, Altius, Fortius, Communis diýen latyn sözlerinden gelip çykyp, “çalt, ýokary, güýçli, bilelikde” diýmekligi aňladýar.
  • Olimpiýa oýunlarynyň milli toparlarynyň parady 1908-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Oguljeren Hudaýnazarowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Özbegistanda prezident saýlawlary

 

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi