Russiýanyň “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlarynyň serkerdesi, Halkara kosmos bekedinde TASS habarlar gullugynyň ýörite habarçysy Oleg Kononenko kosmos giňişliginde 1000 gije-gündiz bolan dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada “Roskosmos” döwlet korporasiýasy habar berdi.
– Halkara kosmos bekedinde iş alyp barýan “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawty Oleg Kononenko dünýäde ilkinji bolup, älem giňişliginde 1 müň gije-gündiz galmagy başaran kosmonawt boldy – diýip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.
Kosmonawtlaryň serkerdesi özüniň karýerasyndaky 5-nji kosmos uçuşyny amala aşyrdy. 4-nji fewralda ol rus komonawty Gennadiý Padalka degişli bolan 878 gije-gündizlik rekordyny gaýtalady. TASS habarlar gullugynyň ýörite habarçysy iýun aýynda 60 ýaşady. Ol şu gezekki kosmos missiýasyny tamamlan wagty onuň älem giňişliginde galan wagty 1110 gije-gündize deň bolar.
1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde dünýä inen Oleg Kononenko 2008-nji ýylyň aprelinde özüniň ilkinji kosmos saparyny amala aşyrdy. Özüniň ilkinji kosmos missiýasyny tamamlan Oleg Kononenko Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany derejesi berlipdi.
Türkmenistanda doglan Oleg Kononenko şol bir wagtda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň hem eýesidir.
