BILIM

Okuw töleginde puluň ornuny tutan önüm

Indoneziýanyň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi pandemiýa döwründe maliýe taýdan kynçylyk çekýän talyplara, özleriniň okuw töleglerini kokos hozy we beýleki iýmitler bilen tölemäge teklip etdi. Indoneziýanyň Bali welaýatynyň Gianýar şäherinde ýerleşýän bilim edarasy, kokosy ondan ýag öndürmek üçin ulanýar diýip, “UPI” habar gullugy habar berýär.

Şeýle hem talyplar özleriniň okuw tölegini kosmetika we iýmit goşundylaryny öndürmek üçin ulanylýan moringa ýapragy we gotu kola oty bilen töläp bilerler. Kokos hozundan we beýleki materiallardan taýýarlanan önümler okuw meýdançasynyň içinde satylar, gazanylan girdeji bolsa okuwyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin peýdalanylar, diýip bilim ojagynyň resmi adamlary bellediler. Indoneziýanyň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi we beýleki bilim edaralary uzagara okuw görnüşine geçmekden ýüz öwürdiler. Talyplaryň temperaturasy yzygiderli ölçelýär, toparlardaky talyp sany azaldyldy. Bilim alýan talyplaryň ählisiniň agyz burun-örtüklerini dakynmagy hökmany ýagdaýa getirildi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar

Bilim edaralaryna döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy

Türkmen küştçisi Mähri Agamuradowa Aktobedäki ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi