SIZDEN GELENLER

Okamaýan 20 ýaşynda garrarmy?

Imoda ýa-da Instagramda 30 minut az wagt geçirsek……

Durmuşymyzyň ilkinji 20-25 ýylyny, esasan, bir zatlar öwrenmek üçin sarp edýäs diýsek ýalňyş aýtdygymyz bolmaz. Bu wagtyň uly bir bölegi okuwlarda täze zatlary öwrenmek bilen geçýär. Okuw gutarandan soňra bolsa ömrümiziň öwrenmek döwri gutaran ýaly bolýar. Täze durmuşa aýak basyp, durmuşyň akymyna goşulmaly ýaly duýýarys. Ýöne bu pikir hakykatdan-da pikir edilşi ýaly dogrumyka? 25 ýyl bir zatlar öwrenip, durmuşymyzyň galanyny bu maglumatlara, öwrenen zatlarymyza bil baglap ýaşamalymykak? 25 ýylda öwrenilen zatlar soňky 50 ýylda hakykatdanam bize ýeterlik bolarmy?

Ýok, bu dogry däldir. Okuw bir zatlar öwrenmegiň ýeketäk ýeri däldir. Okuwdan uçurym bolmak okamagyň, öwrenmegiň gutarandygyny aňlatmaýar, aňlatmalam däldir.

Dünýäde iň başarnykly adamlaryň birnäçesi okamagy, ýazmagy öz başlaryna öwrenen adamlardyr. Bu adamlar mekdepde alan bilimleriniň ýany bilen öz başlaryna hem azap edip bir zatlar öwrenmegi başaran adamlardyr. Mysal üçin Luis Lamur amerikan edebiýatynyň iň belli ýazyjylaryndan biridir. 100-den köp roman we şonça-da goşgudyr, hekaýa ýazan Lamur, 15 ýaşynda maşgala ýagdaýy sebäpli okuwyny taşlamaly bolup, özi özüni okadandyr.

Henri Forduň şeýle sözleri bar: “Öwrenmegi taşlan adam 20 ýaşynda bolsa hem garrydyr. Durmuşdaky iň gowy zat aňy diri we ýaş saklamakdyr.” Henri Forduň bu sözleriniň dogrulygy häzirki wagtda ylmy taýdan tassyklandy. Brandeis uniwersitetinden psiholog Margie Lachman bu hakynda şeýle diýýär: “Okamak, öwrenmek aň we beden saglygy üçin juda zerurdyr. Adamyň sagdyn we ömrüniň uzak bolmagynda okamagyň, öwrenmegiň uly täsiri bardyr.”

Köp adam kitap okamak üçin, öwrenmek üçin boş wagtlarynyň ýokdugyny aýdýarlar. Emma ýene şol adamlar günde 4-5 sagat sosýal setlerde manysyzja oturýarlar.

Işli bolup bilersiňiz. Iş sebäpli hat-da maşgalaňyza, dostlaryňyza aýyrar ýaly hem wagtyňyz ýok bolup biler. Emma öňümizde synag ýok, ýagny okamagy özümize endik edinemizden soňra alňasamagyň gerekçiligi ýokdur. Günde 30 minut okamagy özümize endik edinsek, onda okaýan zadymyz hakynda uly maglumata eýe bolarys. Ýagny, bir günde Imoda ýa-da Instagramda 30 minut az wagt geçirsegem, bir zatlar öwrenmek üçin özümize wagt döredip bileris.

Şeýle-de awtobusda barýan wagtyňyz aýdym diňlemegiň ýerine sesli kitap diňläp bilersiňiz. Aýalyňyzy diş lukmanyna barlaga getireniňizde garaşýan wagtyňyz telefonda kino görmegiň ýerine ýanyňyz bilen getiren kitabyňyzdan 40 sahypa okap bilersiňiz. Munuň ýaly mysallar köp bolup biler. Gysgaça aýdanymyzda wagtsyzlyk okamaga, öwrenmäge böwet däldir.

Eger bir zatlar öwrenmek üçin hökman kursa ýa-da okuwa gitmegiň gerekdigine ynanýan bolsaňyz hawa, pul bize okamaga we öwrenmäge böwet bolup biler. Ýöne internet diýen bir zat bar. Youtube diýen bir zat bar. İnternetde kiçijek gözlegiň netijesinde gyzyklanýan zadymyz hakynda biri-birinden ajaýyp e-kitaplar we pdf-ler tapyp bileris. Ýa-da Youtube-da tasdanam her zat hakynda aýratyn maglumat beriji wideolar bar.

Öwrenmek diňeje okuwda bolmaz. Durmuşda iň gerekli maglumatlary öýde, köpçülikde, ejemizden ýa-da dostlarymyzdan dagy edinýäs. Eger durmuşda üstünlikli ýaşamaga ynanýan bolsak, onda ömrümiziň dowamynda täze zatlar öwrenmäge çalyşmaly we öwrenmegiň diňe okuw bilen bagly däldigine ynanmalydyrys. Täze zatlar öwrenmek mümkinçiligi hemişe ähli ýerde bardyr. Ýöne onuň üçin töweregimize gowja syn etmegimiz gerek.

Özüňize maksat ediniň. Ýagny, belli bir wagtyň içinde birnäçe kitaplary okamagy maksat edinip bileris. Mysal üçin hepdede 200 sahypalyk kitap okamak, juda makul we başaryp boljak maksatdyr. Beýle maksady tutunmagam adamyň göwnüni göterip biler. Şeýle-de okadygymyzça bilimimiz we özümize bolan ynamymyz artar.

Jelilberdi Nurberdiýew.

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika