JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewanyň Katar döwletine sapary

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy.

Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. “Diplomatiýa, dialog, dürlülik” şygary astynda geçirilýän Doha forumy ählumumy meseleleriň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda iri halkara platforma bolup durýar.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy.

Marýam bint Ali Al-Misned Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip gelendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu saparyň iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky, hususan-da, çagalaryň abadan geljegi üçin tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Doha forumyna gatnaşmaga çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin katar tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, bu forumyň diňe bir maslahatlaşmalar arkaly däl-de, eýsem, anyk ädimler esasynda ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Marýam bint Ali Al-Misned Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine, hususan-da, ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda çaganyň saglygy we terbiýesi bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekdi. Gaznanyň wise-prezidenti şu ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, Marýam bint Ali Al-Misnedi bu maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň zenanlaryň we çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými bilen duşuşdy.

Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Doha şäherindäki Yslam sungaty muzeýine baryp gördi.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder