JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd bilen duşuşdy.

O.Atabaýewa giň gerimli halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministrine hoşallygyny bildirip, iki goňşy ýurduň arasynda dost-doganlyga esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigini belledi. Hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, öz gezeginde, ajaýyp Türkmenistana gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamyň iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen we eýran halklaryny taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň umumylygy birleşdirýär. Şunda ynsanperwerlik, ahlak terbiýesi, mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere iki ýurduň halklary hem uly hormat-sarpa goýýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri täze taryhy döwürde bu asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň mysalydyr. Şunda gazna tarapyndan ýeňil bolmadyk durmuş ýagdaýyna düşen çagalaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine, olaryň jemgyýete goşulyşmaklaryna, özbaşdak durmuşa taýýarlanylmagyna gönükdirilen goldaw-kömekleriň berilýändigine üns çekildi.

Duşuşygyň dowamynda goňşy döwletiň ýol we şäher ösüşi ministri gaznanyň milli we halkara derejede alyp barýan işleriniň ähmiýetini belläp, bu işleriň sebitde hem-de dünýäde ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri