JEMGYÝET

Oba milli maksatnamasy: 15 ugur boýunça 160 bina gurlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

“Türkmenistan” gazetindäki habara görä, ýurdumyzy ösdürmek babatynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler durmuş taýdan göz öňünde tutulan ykdysadyýetiň berk binýadyny emele getirýär. Maýa goýumlarynyň uly bölegi önümçilik däl pudaklara gönükdirilýär.

Netijede, dünýä ülňülerine laýyk gelýän durmuş üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň müňlerçesi gurlup ulanmaga berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer başlangyçlarynyň çäklerinde, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 15 ugur boýunça jemi 160 binanyň we desganyň gurluşyk hem-de durkuny täzelemek işleri meýilleşdirilýär.

Hususan-da, welaýatlar babatda Ahal welaýatynda 41 sany binany, Balkan welaýatynda 20 binany, Da;oňuz welaýatynda 31 binany, Lebap welaýatynda 43 binany we Mary welaýatynda 25 binany gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem suw geçirijiler, lagym geçirijiler, gaz geçirijiler, awtomobil ýoly, elektrik geçirijiler ýaly beýleki möhüm taslamalar hem durmuşa geçiriler.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmekde telekeçileriň we hususy eýeçiligiň orny artýar. Gurluşyklaryň uly bölegi hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri