JEMGYÝET

Oba hojalyk işgärleri sylaglandy

Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agranomlary, seçgiçileri we beýleki oba hojalyk hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan oba hojalyk zähmetkeşleriniň hormatlanylmagy ýurdumyzda tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 11-nji noýabrynda Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren maslahatynda zähmetde tapawutlanan we uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Däp bolşy ýaly, Hasyl toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu dabara oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň zähmet çekmegi üçin iň gowy şertleri döretmäge hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny bütin aýdyňlýgy bilen görkezdi.

 

Belgiýa bilen Fransiýa dünýä çempionatyna gatnaşar

Ýene-de okaň

Antoniu Guterriş: BMG-niň Awaza forumy uly ähmiýete eýedir

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

“Atawatan Media” topary BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýar

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awaza geldi

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geler