SIZDEN GELENLER

Oba hojalyk ekinleri zyýankeşlerden goramagyň esaslary

Ekerançylygyň häzirki ösýän döwründe oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramak döwrüň derwaýys çözülmeli meseleleriniň biridir. Sebäbi dünýä möçberinde zyýankeşler, kesel emele getirijiler we haşal otlar tarapyndan her ýylda ösdürilip ýetişdirilýän hasylyň 4/1 –ne zyýan ýetirilýär. Bu ýitgini kemeltmek , ykdysady ýagdaýyny gowylandyrmak üçin şu wagta çenli himiki göreş çäresine uly üns berlip gelinýär. Himiki serişdeleriň aşa köp ulanylmagy ösümlikler bilen iýmitlenýän jandarlaryň (fitofaglaryň) we olary iýýän jandarlaryň (zoofaglaryň) hem-de ösümlikler bilen bolan gatnaşygynyň, ýagny ekologik deňagramlylygyň bozulmagyna getirýär. Bu bolsa zyýankeşleriň has köpelmegine we olaryň himiki serişdelere uýgunlaşan (rezistent) görnüşleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şeýle hem himiki serişdeleriň (pestisidleriň) köp böleginiň suwa, topraga, howa, iýilýän iýmitlere düşmek bilen daşky gurşawy hapalaýandygy hemmä mälim.
Seljerilen maglumatlardan görnüşi ýaly, zyýankeşlere garşy göreşiň geljegi bolan utgaşdyrylan göreş usulyny önümçilige ornaşdyrmaklyk döwrüň iň esasy talabynyň biridir. Bu usul ekologik we ykdysady taýdan örän bähbitlidir. Onuň esasy maksady-agrobiosenozdaky ekologiki deňagramlylygy agrotehniki, biologiki we himiki usullary ylmy taýdan utgaşdyrmak bilen sazlamak we ýokary hasyl almakdyr. Bu meselede oba hojalyk entomologiýa ylmynyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak örän ähmiýetlidir.

 

 

KAKAMYRADOW MERDAN,
TOHU-nyň talyby

 

Biler bolsaňyz: «Adidas» we «Puma» iki doganyň kompaniýalary

 

 

Ýene-de okaň

Innowasiýa, intellekt we psihologiýa – bilimiň artykmaçlary

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry

OGT forumy – nebitgaz pudagynyň hyzmatdaşlyk meýdançasy