PEÝDALY MASLAHAT

Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi kesgitlendi

«Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 41-iş belgili buýrugyna laýyklykda, notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi kesgitlendi. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol resminamada bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan boýunça döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslarynyň sany we iş çägi Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinden, hereketleriň sanyndan, ilat sanyndan hem-de döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerden ugur alnyp Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi

1. Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi (mundan beýläk – Tertip) «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (mundan beýläk – Kanun) 36-njy maddasyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň, olaryň ätiýaçdaky goruny döretmegiň we boş iş orunlarynyň dolmagyň tertibini kesgitleýär.

2. Türkmenistan boýunça döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslarynyň sany we iş çägi Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinden, hereketleriň sanyndan, ilat sanyndan hem-de döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerden ugur alnyp Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Notariuslaryň sany zerurlyga görä täzeden seredilip bilner.

4. Hususy notariuslaryň wezipe sany kesgitlenilende şu aşakdaky esaslardan ugur alynýar:

1) notarial hereketleriň sany boýunça – soňky 3 ýylyň dowamynda notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketlerinden ugur alyp, aýda 300 – 400 notarial hereketi üçin bir hususy notariusyň wezipesi;

2) ilat sany boýunça:

a) Aşgabat, Arkadag şäherleri we welaýat merkezlerindäki şäherler boýunça – 30 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi;

b) etrap hukukly şäherler boýunça – 25 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi;

ç) etraplar boýunça – 20 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi.

3) döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň araçägi boýunça bir hususy notariusyň wezipesi.

5. Hususy notariuslaryň sany olaryň zerurlygyny, ilatly nokatlaryň biri-birinden uzakda ýerleşýändigini we olaryň arasynda jemgyýetçilik awtoulag gatnawynyň azdygyny göz öňünde tutup, şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen ýagdaýlardan beýleki ýagdaýlarda hem kesgitlenilip bilner.

6. Hususy notariuslaryň sanyny kesgitlemek baradaky teklipler welaýat adalat bölümleri, Arkadag şäher adalat müdirligi tarapyndan Türkmenistanyň Adalat ministrligine iberilýär. Teklipler şu Tertibiň dördünji böleginde beýan edilenlerden ugur alynmalydyr.

7. Hususy notariuslaryň sany barada teklipler Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan şu Tertibiň üçünji bölegine laýyklykda seredilýär.

8. Hususy notariuslaryň iş çägi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinde kesgitlenilýär.

9. Hususy notariuslaryň edara jaýlary şu Tertipde göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenen iş çäginde ýerleşmelidir. Hususy notariuslaryň edara jaýlaryny öz iş çäginiň daşynda ýerleşdirmäge haky ýokdur.

10. Notariuslaryň iş çägi Kanunyň 29-njy, 71-nji, 79-njy, 86-njy, 91-93-nji we 115-nji maddalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketler amala aşyrylanda hökmany berjaý edilmäge degişlidir. Görkezilen maddalarda göz öňünde tutulan notarial hereketleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet notarial edarasynyň ýa-da başga hususy notariusyň üstüne ýüklenilip bilner. Ähli beýleki halatlarda notarial hereketleriň amala aşyrylmagy üçin fiziki we ýuridik şahslar islendik notariuslara ýüz tutmaga haklydyrlar.

11. Hususy notariuslaryň ätiýaçdaky gory şu Tertibiň ikinji böleginde kesgitlenen hususy notariuslaryň sanynyň 30 göterimi möçberinden ugur alyp döredilýär. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 21-nji iýulyndan çykaran 646-njy karary bilen tassyklanan, Hukuk işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama (mundan beýläk- Düzgünnama) laýyklykda notariusyň ygtyýarnamasyny alan şahslar degişlidir.

12. Hususy notariuslaryň sany (boş iş orunlary) ätiýaçdaky gorundaky duran hususy notariuslardan doldurylýar. Hususy notariuslaryň ätiýaçdaky gory şu Tertibiň ikinji böleginiň ikinji tesiminde kesgitlenen sanynyň 30 göteriminden ugur alnyp kesgitlenilýär.

Ätiýaçda duran hususy notariuslara Düzgünnamanyň ýigrimi sekizinji böleginiň 8-nji bendinde beýan edilen kada degişli däldir.

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär