BIZNES

“New Balance” markasy

Aýakgap markalaryň hem dürli görnüşleri bar. Şu ýerde “New Balance”  markasy barada belläp geçeliň.“New Balance”  nähili we haçan öndürilip başlapdyr? 33 ýaşyndaky William Rileý1906-njy ýylda uzak gün aýak üstünde durup, işläp ýadaýan adamlaryň agyrylaryny azaltmak maksady  bilen aýakgap döretmegi ýüregine düwdi.  Şonuň netijesinde hem “New Balance”   kompaniýasy döredi.Onuň öndürýän önümi rahatlygy bilen beýleki markalardan tapawutlandy. 1909-njy ýylda Rileý “Aýakgap ussasy” diýen at bilen köpçülige ýaýrap başlady.

On dokuz ýyl soňra Rileý  ylgaw üçin niýetlenen ilkinji aýakgabyny öndürdi. 1941-nji ýylda sportuň dürli görnüşlerinde geýmek üçin aýakgap öndürýän markalaryň birine öwrüldi.

1972-nji ýyla çenli markanyň özüne mahsus logosy ýokdy. Soňra  dörän logosy Terry  Hekler tarapyndan döredildi. Dizaýner logoda” N” harpy ýerleşdirdi.

2006-njy ýylda dizaýnda täze üýtgeşmeler girizildi. Netijede logo goýy gyzyl reňk edildi.

Häzirki wagtda hem bu marka sport aýakgaplaryň dürli görnüşlerini öndürýär.

Aşgabatda lukman alymlarynyň halkara forumy geçiriler

 

 

Related posts

Japon ve Türk ortaklığında gübre fabrikasının inşası devam ediyor

vepa

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Gazagystan bilen Italiýa 180 million ýewrolyk şertnamalara gol çekdiler