SIZDEN GELENLER

Nesil terbiýesinde hereketli oýunlar

Türkmen halky nesil terbiýesine uly ähmiýet berip, olaryň mynasyp Watan perzendi bolmaklary ugrunda taýsyz tagallalary edýärler. Pederlerimiz öz perzentlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, çagalar üçin köp sanly oýunlary oýlap tapypdyrlar. Ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyny artdyrmak ýaly adatlary özlerine ýanhemra edinmek maksatly ýerine ýetirilen işleriň sany barha artypdyr. Adaty endiklerden başga-da, milli oýunlar çagalarda tutanýerliligi maksadaokgunlylygy, erjelligi terbiýeleýär. Toparlaýyn oýunlar bolsa çagalaryň arasynda agzybirlik, jebislik, birek-birege ýardam etmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Taryhy maglumatlarymyza göz aýlanymyzda ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine laýyklykda ekerançylyk bilen meşgul bolanlarynda, aw edenlerinde beden taýdan güýçli bolmagy, ruhy taýdan durnuklylygy talap edendiklerine göz ýetirýäris. Halkyň terbiýeçilik tejribesine giren oýunlary we sport maşklary ulanypdyrlar. Çaga oýunlary diňe bir güýmenje bolman, eýsem onuň terbiýeçilik ähmiýeti has-da uludyr.

Sona MÄMIÝEWA,

Daşoguz şäherindäki 37-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan “ýaşyl” energiýa aýratyn ähmiýet berýär

Ahalteke bedewi – dost-doganlygyň nyşany

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy