Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — beýik maksatlaryň, uly üstünlikleriň döwri. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisi muny nobatdaky gezek tassyklady. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Çünki bu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly binalardyr desgalar açylyp ulanmaga berildi, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Halka daýanyp, diňe halkyň bähbidine gönükdirilen bu asylly işler durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň, şeýle-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. Şunuň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda anyk işler durmuşa geçirildi. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny öndürmegiň, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi. Polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça oňyn tehniki-ykdysady görkezijiler gazanyldy. Sebäbi nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty netijeli ulanylyp, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmak işleri dowam etdirilýär, şeýle-de nebitiň we tebigy gazyň gaýtadan işlenilişi yzygiderli kämilleşdirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 105 göterime deň bolmagy diýseň guwandyryjydyr.
Söwda toplumy milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň bazarlarynyň hem-de söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak, söwda we hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň, döwrebap kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek, dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak toplumyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Şu jähetden, bu topluma degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, telekeçilik ulgamy tarapyndan degişli döwürde oňyn görkezijileriň gazanylandygyny bellemek gerek.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen nebitgaz pudagynyň hereketlendiriji güýji hasaplanylýan täzeçil we döwrebap taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öndürijilik ukybyny ýokarlandyrýar.
Şeýle işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Jahan Begençmyradowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň /ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3 NGPYD B toparynyň talyby.