SIZDEN GELENLER

Nebitgaz senagaty täze ösüşlere bilen öňe barýar

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýäde iri energetika döwleti hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda uglewodorod serişdeleriniň bar bolan ägirt uly gorlaryny özleşdirmek, ony halkymyzyň we dünýä halklarynyň bähbidine ulanmak üçin zerur şertler döredilýär, aýratyn-da, daşary ýurt maýadarlaryna kanunçylyk, maliýe-ykdysady taýdan amatly şertler üpjün edilýär. Bu ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri we iri kompaniýalary bilen degişli işler durmuşa geçirilýär.

Ata Watanymyz dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Şeýle buýsandyryjy ýagdaý hormatly Prezidentimiziň möhüm pudagy ileri tutup ösdürmäge ýakyndan üns bermegi, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny barha giňeltmegi netijesinde mümkin boldy. Şunuň ýaly il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler bolsa türkmen topragyna, edil şonuň ýaly-da, ýakyndaky we alysdaky ýurtlara nur we ýylylyk paýlaýar, gülläp ösüşleri, abadançylygy üpjün edýär.

Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uludyr. Häzirki wagtda bu ýerde dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak işleri amala aşyrylýar. Netijede, Hazaryň ýalpaklygynda ýerleşýän guýularyň ýene-de dördüsiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Şolary burawlamagyň nokatlary goşmaça 3D seýsmiki-gözleg barlaglarynyň netijesinde seçilip alyndy. Aýratyn bellemeli zat, Türkmenistanyň tutuş nebitgaz toplumyny sanly ulgama geçirmek ýaly şeýle innowasion çözgüdi ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarydyr zawodlary netijeli işler amala aşyryp, dünýä bazaryna bäsdeşlik edip biljek önümleri öndürmegi dowam edýärler.

Muňa ýaňy-ýakynda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde berlen hasabatlardan hem görmek bolýar. Ol hem  B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlanmagydyr. Bu hoş habar ähli watandşalarymyz bilen bir hatarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň başyny göge ýetirdi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň baýry hem-de iri nebitgaz edarasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň — B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanmagy şatlykly wakadyr.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda TNGIZT-de awiasiýa üçin dürli görnüşli ýangyçlar öndürilýär, şol sanda — reaktiw hereketlendirijiler üçin ТС-1 ýangyjy, «An-2» uçarlary üçin awiabenzin we Jet A-1 awiasion ýangyjy. Zawodda şeýle hem awtobenzinleriň dürli görnüşleri, kerosin, dizel ýangyjy, gämi ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, nebit bitumy, nebit koksy, çalgy ýaglary öndürilýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Bu ugurda dünýä bazaryndaky ornuny has-da pugtalandyrmak babatda çykyş edip, dürli önümçilikleri ýola goýdy we bu ugurda iri maýa goýumlaryny özleşdirýär. Şonuň hasabyna öndürilýän önümler daşary ýurtly kompaniýalaryň hem ünsüni özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň iri howa menzilleri daşary ýurtly awiakompaniýalaryna ýangyç bilen üpjün etmek babatda hem saldamly hyzmat berýär. Şonuň üçin ýurdumyzda awiasiýa ulgamyna degişli önümleriň geriminiň giňeldilmegi hem nebitgaz toplumynyň, şol bir wagtda beýleki pudaklaryň durnukly ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we onuň möhüm bölegi bolan nebitgaz senagatyny hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tassyklan strategiýasynyň amala aşyrylmagy eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de artmagyna ýardam eder.

Hakberdi Turmaýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Geologiýa fakultetiniň uly mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün