SPORT

Naýbaşy kubogyň eýesi 29-njy sentýabrda belli bolar

Türkmenistanyň futbol boýunça Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň geçiriljek güni belli edildi. Ýurduň Futbol federasiýasy resmi saýtynda bu duşuşygyň şu ýylyň 29-njy sentýabrynda geçiriljekdigini habar berdi. Onuň geçiriljek ýeri heniz belli däl.

2019-njy ýylyň netijeleri boýunça geçiriljek Naýbaşy kubok duşuşygynda geçen möwsümiň çempiony «Altyn asyr» bilen wise-çempion «Ahal» duşuşar. Bu duşuşyk toparlaryň ikisi üçin hem tomusky arakesmeden soňra ilkinji resmi duşuşyk bolar.

Bu kubogy 2015-nji ýyldan bäri yzygiderli gazanyp gelýän «Altyn asyr» türkmen futbolynyň taryhyndaky iň köp Naýbaşy kubok gazanan topardyr. «Ahal» bolsa bu kuboga diňe bir gezek — 2014-nji ýylda mynasyp bolup gördi.

Ozal bu duşuşyk 22-nji awgusta bellenilipdi. Ýöne federasiýasynyň 17-nji awgustda ýurduň çägindäki ähli futbol ýaryşlarynyň näbelli wagt aralygynda ýatyrylýandygyny habar bermegi bilen, Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk başga bir güne geçirilipdi.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary