Muzeýe gitmeýän adamlar köplenç ol ýeri içgysgynç hasaplap, nämäniň özüne çekijidigine asla düşünmeýärler. Muzeýe gitmek üçin birnäçe sebäpler bar:
Dünýägaraýşyňy giňeltmek üçin. Muzeýe gitmekligiň esasy aýratynlyklarynyň biri-de perespektiwiňi üýtgemegine ýardam edýär. Her sungat eseri bir hekaýadyr, olary öwrenmek bilen döredijiniň duýgularyny tejribe edinip bolýar.
Ynsanlykdan sapaklar. Muzeýler diňe adamzat taryhyny däl, dürli ýurtlaryň medeniýetlerini öwrenmek üçin ideal ýoldur. Diňe esere syn etmek bilen şol wagtdaky ýaşaýjylaryň düşünjelerine aralaşyp bolar.
Ylham. Muzeý özüňe gelmek, ylham almak we kreatiw pikirleri oýandyrmak üçin täsin ýerdir. Sungat işgärleriniň eserlerini synlamak bilen muzeýlerde täze pikirlere dürli ýollar açylýar. Şunlukda, has köp sungat eserleri döreýär.
Gürrüň etmek. Muzeýe gidýän adamlaryň üýşmeleňlerde söz açmaga, çekeleşiklere girmäge mümkinçiligi bolýar. Bu hem üýtgeşik bir tejribe. Adam sosial barlyk bolandygy sebäpli biri-birinden öwrenýär.
Rahatlyk. Durmuşda käwagt stres ýagdaýlary köp bolýar welin içiň-içiňe sygmaýar. Muzeýlerde hem arkaýynlaşdyryjy atmosfera bar. Siz hem owadan eserlere seretmek bilen durmuşyňyz barada oýlanyp rahatlyk tapyp bilersiňiz.
Düşünjesi siziňkä meňzeş adamlara duş gelmek. Eksponatlara we leksiýalara gatnaşmak bilen siziňki ýaly gyzyklanmalary bolan adamlara gabatlaşmaga mümkinçiligiňiz bar. Käbir muzeýlerde dürli çäreler hem geçirilýär. Şeýlelikde siziň sosial durmuşyňyza täze tanyşlar goşulýar.
Turizm. Köplenç muzeýlerde ýerleşýän şäheri, ýurdy bilen baglanyşykly eksponatlar hem bolýar. Bu hem size baran ýeriňiziň taryhyny öwrenmek bilen tejribäňizi baýlaşdyrmaga kömek eder.
Jemgyýetde täsirleri. Muzeýe gitmek üçin esasy sebäpleriň biri-de onuň adamlardaky täsiridir. Muzeýler adamzadyň mirasyny saklaýar, gowy, erbet hem-de aýylganç zatlaryň hronikasy bolup hyzmat edýär we olaryň durmuş tejribelerini baýlaşdyrýar.
Meýlis Sadykow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.