SPORT

Müsür dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy

Müsüriň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Mohammed Salahly Müsüriň ýygyndysy Jibutiniň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolan 19-njy ýygyndy boldy.

Duşuşykda 2 gol geçiren Mohammed Salah ýygyndysyny dünýä çempionatyna çykarmak mümkinçiligine eýe boldy.

Müsüriň ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolan 19-njy ýygyndydyr. Mundan ozal, Meksika, Kanada we ABŞ-nyň bilelikde gurnaýan dünýä çempionatyna – Ýaponiýa, Eýran, Günorta Koreýa, Iordaniýa, Awstraliýa, Özbegistan, Täze Zelandiýa, Argentina, Ekwador, Braziliýa, Kolumbiýa, Urugwaý, Paragwaý, Marokko we Tunis gatnaşmak hukugyna eýe bolan ýurtlardyr.

Dünýä çempionaty 2026-njy ýylda 11-nji iýun-19-njy iýulda geçiriler. Çempionata 48 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşar.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri