JEMGYÝET

Mustafa Şentop Halk Maslahatynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.  Bu barada TBMM-niň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

TBMM Başlygy Mustafa Şentop Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynda bolup geçen we 11 welaýata öz täsirini ýetiren tebigy betbagtçylykdan soňra Türkmenistanyň beren goldaw-kömekleri üçin Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa öz minnetdarlygyny bildirdi.

Türkmenistanyň lukmanlarynyň we ýer titreme bolan sebitdäki çagalar üçin iberilen ynsanperwer kömekleri üçin özüniň hoşallygyny bildiren Şentop: “Bu betbagtçylykdan soň, Siz we doganlyk türkmen halky bize zerur bolan wagty biziň ýanymyzda boljakdygyňyzy ýene bir gezek görkezdiňiz. Doganlyk Türkmenistanyň ýurdumyza beren kömegini hemişe uly minnetdarlyk bilen ýatlarys “-diýip belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şol sanda parlamentara gatnaşyklar ara alyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar