JEMGYÝET

Mustafa Sandal we Mustafa Jejeli Türkmenistana geldi

Şu gün meşhur türk aýdymçylary Mustafa Sandal we Mustafa Jejeli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine geldi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Meşhur myhmanlary milli türkmen däplerine laýyklykda garşy aldylar.

Sandal we Jejeli Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli geciriljek konsertde çykyş ederler.

Bu, türk ýyldyzlarynyň Türkmenistana ilkinji sapary däldigini bellemelidiris. Mustafa Jejeli 2013-nji ýylda 2022-nji ýylda bolsa Mustafa Sandal döredijiligi bilen Aşgabat halkyny begendiripdi.

Öňde boljak  konsertiň aýdym-sazyň hakyky baýramçylygyna öwrülmegine we iki ýurduň medeniýetlerini has ýakynlaşdyrmagyna garaşylýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Gadymy Müsürde ösen tehnologiýa bolupdyr

vepa

Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasy täzelener