DÜNÝÄ

Moskwadaky harby ýörişe 29 döwletiň ýolbaşçysy gatnaşar

9-njy maýda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere 30 döwletden ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi.

– Köp sanly daşary ýurtly myhmanlar çagyryldy. Ýeňiş baýramynyň dabaraly ýörişine 29 döwletiň ýolbaşçysyna garaşýarys – diýip, ol belledi.

Şeýle hem Uşakow Bosniýa we Gersegowina, Braziliýa, Burkina-Faso, Wenesuela, Wýetnam, Gwineýa-Bisau, Müsür, Zimbabwe, HHR, Kongo, Kuba, Laos, Mongoliýa, Mýanma, Palestina, Serbiýa, Slowakiýa we GDA döwletleri ýokary derejede wekilçilik etjekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, dabaraly çärelere Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Afrika Geňeşi ýaly birnäçe halkara we sebit guramalaryň baş sekretarlary hem çagyryldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan-Günorta Koreýa: migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdüriler

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady