“Mosaic Visa” kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator bolar. Kompaniýa ýurtda işini bes eden öňki wiza merkezi — “Gateway International” kompaniýasynyň ornuny tutar. Bu barada kompaniýa şenbe güni sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda habar berdi.
Wiza almak isleýän raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly arkaly ýa-da wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler.
Şeýle-de, raýatlaryň ozal “Gateway International” arkaly tabşyran arzalary öz güýjünde galar we bellenilen tertipde serediler.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahatçylyk, iş, okuw, hyzmat, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşdäki wizalary resmileşdirip bilerler.
Talap edilýän resminamalaryň sanawy soralýan wizanyň görnüşine bagly bolup, Türkiýäniň degişli edaralary tarapyndan kesgitlenýär.
“Mosaic Visa” Türkiýe Respublikasynyň konsullyk edaralary tarapyndan akkreditirlenen wiza arzalaryny gaýtadan işleýän resmi merkezdir.
“Mosaic Visa” Türkmenistanyň wiza merkezi ýakynda Aşgabat şäherinde açylar.
Täze merkeziň salgysy: Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 2127-nji köçesiniň (G.Kuliýew) 71-nji jaýy.
MAHABAT:
Resminamalaryň terjime hyzmaty üçin: Makul Terjime
Türkiýe Respublikasyna wize resmileşdirmek üçin resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezine ýüz tutup bilersiňiz.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
