SPORT

Modriç “Realyň” iň köp kubok gazanan futbolçysy boldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň horwatiýaly ýarymgoragçysy Luka Modriç bu topar bilen 28 kubok gazandy we toparyň düzüminde iň köp kubok gazanan futbolçy boldy.

Golaýda, “Real” topary yklymara kubogyň finalynda Meksikanyň “Paçuka” toparyny 3:0 hasabynda utup, nobatdaky kubogyny gazanypdy. Bu kubok şol bir wagtda Modriçiň topar bilen gazanan 28-nji kubogy boldy.

39 ýaşyndaky Modriç 2012-nji ýylda Ispaniýanyň şa klubynyň düzümine goşulypdy. Şondan bäri toparda netijeli oýun görkezip, toparynyň kuboklary gaznamagyna hem-de çempion bolmagyna uly goşant goşan futbolçylaryň biridir.

Modriç bu toparyň düzüminde oýnan döwründe 2018-nji ýylda “Altyn top” baýragyna hem mynasyp bolupdy.

Horwat futbolçydan soňra “Realyň” düzüminde oýnan döwründe iň köp kubok gazanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orunda 27 kubok bilen Dani Karwahal, 26 kubok bilen Naço, 25 kubok bilen degişlilikde Kairm Benzema we Marselo barýar.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy