Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda miweli we saýaly agaçlaryň ösdürilip ýetişdirilişini artdyrmaga uly üns berilmegi döwletliligiň, rowaçlygyň, bolçulygyň alamatydyr.Türkmenistanyň toprak-howa şertleri bagçylygy ösdürmek üçin örän amatlydyr. Bagçylygyň ösdürilmegi ýetişdirilýän miweli agaçlaryň ýagdaýyna we sortlarynyň kadaly gatnaşygyna bagly bolýar. Şunda ýokary hasyl berýän baglaryň meýdanynyň giňeldilmegine aýratyn orun degişlidir. Miweli baglaryň düýbüni tutmagyň esasy şertleriniň biri ýokary hilli nahallary ösdürip ýetişdirmekden ybaratdyr. Nahalhanalarda ýokary hilli nahallaryň öndürilişini ýola goýmak üçin olarda tohumçylyk işini alyp barmaly. Onuň üçin her nahalhanada baglaryň önümçilige ornaşdyrylan iň gowy sortlarynyň enelik bagyny döretmeli.Pes boýly peýwent edilýän bagy ösdürip ýetişdirmek we tiz köpeltmek maksady bilen enelik bagyň düýbüni tutmaly. Olaryň önümçilige ornaşdyrylan we geljegi bar bolan görnüşleriniň nahallaryny, ilkinji nobatda enelik baglaryň düýbüni tutmak üçin ulanmaly. Önümçilige ornaşdyrylan we geljegi bar bolan baglaryň görnüşleriniň hem-de sortlarynyň ýeterlik mukdarda çybyklaryny taýýarlamak üçin, nahalhanalarda enelik baglaryň düýbüni tutmaly, öňki saklanyp galan enelik baglarda bolsa seljerme geçirip sort düzümini we idegini gowulandyrmaly.Baglaryň belli görnüşleriniň nahalyny ösdürip ýetişdirmek üçin nahalhanalaryň ýöriteleşdirilmegi nahallaryň öndürilişini artdyrmaga we ýetişýän möhletini gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Ol etraplary we hojalyklary hem miweli baglaryň belli bir görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirmäge şert döredýär.
Nahallaryň köpeldilýän sortlarynyň dogry saýlanyp alynmagy, olaryň özara gatnaşygynyň gazanylmagy nahallaryň sort arassalygyny saklamak iň esasy wezipedir.Miweli baglaryň saýlantgy 1-2 görnüşiniň nahallary ösdürlilip ýetişdirilende olaryň hilini gowulandyrmak aňsatlyk bilen başardýar. Şeýle ýagdaýda agrotehniki çäreleri geçirmek üçin hem amatly şertler döreýär. Bu bolsa nahallaryň oňat düýp alyp, hiliniň gowy bolmagyna öz täsirini ýetirýär.Nahalhananyň birinji meýdançasynda tohumlar güýzde oňat bejerilen topraga ekilmelidir. Adatça olar ir baharda gögerýär. Şu meýdançada pewýent edilýän esasy bagyň ýerinden göçürilmän ösdürilip ýetişdirilmegi nahallaryň oňat hilli çybygynyň bolmagy üçin amatly şert döredýär.Tohumdan ekilip gögeren ýaşajyk nahallara ideg etmek mineral dökünler bilen iýmitlendirmekden, ýekelemekden, ösüş suwlaryny tutmakdan, hatararasyny bejerip, ýumşak saklamakdan, zyýankeşlere, kesellere we haşal otlara garşy göreşmekden ybarat.Ýekelemek işi nahallaryň boýy 12-15 santimetre ýetende geçirilýär. Ösüş döwründe 10-12 gezek suw berilýär we 2 gezek azotly dökünler bilen iýmitlendirilýär. Birinji gezek iýmitlendirmek maýda, ikinjisi bolsa iýulyň başynda geçirilýär. Şonda her gezekde gektara 120-130 kilogram hasabynda ammiak selitrasy berilýär.Nahalhanalaryň işiniň gurnalmagy täze miweli baglaryň düýbi tutulanda, ony oňat hilli nahallar bilen doldurmaga mümkinçilik berýär.Nahal oturdyljak ýerleri öňünden anyklap, ekişe taýýarlap goýmaly. Erik, alma ýaly miweli, uzyn daragtlaryň arasy 10 metrden az bolmaly däl. Nahallar inedördül görnüşde oturdylsa, olar howalanyp ösýärler. Şeýle ýagdaýda nahallara kadaly boý almaga mümkinçilik döreýär. Garaly, şetdaly, badam, behi ýaly miweli nahallaryň aralary 6-7 metr bolsa talabalaýyk bolýar.Nahallar täze ýerlere oturdylanda olaryň sapylan tarapy demirgazyk tarapa bolmaly. Şeýle edilende olar güýçli ýel bolan halatynda hem döwülmeýär. Köki ýaşajyk çybyklaryň oturdylan çukurlaryny giň hem-de çuň gazmaly. Çukuryň aşagynda biraz boz toprak guýup, nahaly oturdyp, onuň sapylan ýerine çenli gömmeli, üstüne bir bedre suw guýup, soň onuň düýbüni basgylamaly. Nahalyň gapdalyndan çykan maýda çybyklary gaýçy bilen gyrkmaly. Ýerden ýokary 80 santimetr ölçäp, nahalyň depesini kesip aýyrmaly.Ýere oturdylan ýaşajyk kökli çybyklar ýazyna pyntyklap, täze şahajyklary çykaryp başlaýar. Şonda, gelşikli görnüş berer ýaly edip agaçlary timarlamaly. Nahalyň ýerden 50 santimetr ýokary çykan pyntyklaryny eliň bilen tändirmeli. Ondan ýokarkylaryny bolsa, töwerekleýin deňagramly bolmagyny nazara alyp timarlamaly. Ösüp oturan nahalyň demirgazyk tarapyna gazyk kakyp, olary ýüp bilen gowşagrak daňmaly. Bu usul güýçli ýelde olaryň şahalarynyň döwülmezligi üçin edilýär.
Agajan Muhyýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň Okuw bölüminiň müdiri
Odri Azule täzeden ÃUNESKO-nyň baÅŸ direktorlygyna saýlandy